GEÇMIŞDEN GELJEGE DOWAM PYRAGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçylary bilen «Geçmişden geljege dowam Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri okuwçylara Pyragynyň şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti , ýaşlarda watançylyk, mertlik , adalatlylyk ýaly oňat häsiýetleri terbiýelemekde eýeleýän orny barada täsirli gürrüňler berdiler.
Geçirilen söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň bilimli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.