ZENAN WE DÖWÜR


ZENAN WE DÖWÜR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Arkadag» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde «Zenan we döwür» atly gepleşigi ýazgy etdi. Gepleşigiň dowamynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zenan mertebesiniň belent derejelere ýetirilmegi, ähli ugurlar boýunça diýarymyzyň beýik ösüşlerine öz goşantlaryny goşmagy, okamagy, öwrenmegi hem-de döretmegi üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegi barada buýsançly gürrüňler edildi.

Gepleşigiň ahyrynda türkmen zenanlarynyň mertebesini belende göterýän, olara çäksiz hormat-sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.