RABAT ŞÄHERINDE MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGINE BAGYŞLANAN DABARA
18-nji dekabrda Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde Türki medeniýetiniň halkara Guramasynyň (TÜRKSOÝ) hem-de Bütindünýä Yslam ýurtlarynyň ylym, bilim we medeniýet guramasy (ISESCO) bilen bilelikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi. Şeýle-de oňa Türkmenistan döwletimiziň wekilleri, medeniýet we sungat ussatlarymyz hem özleriniň çykyşlary bilen gatnaşdylar.

