TÄZE ÝYL OWAZY


TÄZE ÝYL OWAZY

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy Täze ýyl baýramçylygynyň şanyna «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde ajaýyp aýdym-sazly çykyşlary hödürlendi. Dürli halkalaryň aýdym-saz mirasyny öz içine alýan maksatnama baý we täsirli çykyşlar bilen diňleýjileriň ruhyny göterdi.

Konsert Täjik, Arap, Özbek we Rus halklarynyň aýdymlary bilen başlandy. Mansur Şaripow «Jan daderekäm» atly täjik aýdymyny ýerine ýetirdi. Arap aýdymyny bolsa Humaý Kakaýewa «Держи мое сердце» sözleri bilen owadan ýerine ýetirdi. Güljemal Taýlyýewa we Täzegül Baýramowa bolsa rus aýdymlaryny ussatlyk bilen diňleýjilere ýetirdiler.

Giň maksatnama gitaranyň, skripkanyň we orkestriň ajaýyp sazlaşlygyny birleşdiren çykyşlary bilen tapawutlandy. Gitaristler Duet Aýzerbaýjan aýdymyny ýerine ýetirip, diňleýjilerde ýakymly täsir galdyrdylar. Kamera orkestri bolsa dünýä belli «Yanni World dance», «Andijan polka», şeýle-de «Vivaldi Leto 3-nji bölüm» ýaly eserler bilen sahnada joşgun döretdiler.

Täze ýylyň ruhuna laýyklykda, diňleýjilere meşhur «Boney M», «Waka Waka» ýaly sazlar hödürlenip, baýramçylyk şatlygyna aýratyn öwüşgin çaýyldy. Sahy Allaýarow bilen Kamera orkestriniň ýerine ýetiren «Mera jutta Hindustani» atly çykyşy diňleýjileriň uly höwesine mynasyp boldy. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirijiler her bir saz eserini täsirli we joşgunly görnüşde diňleýjilere ýetirmegi başardylar.

Bu çäräniň aýratynlygy–dürli halklaryň aýdym-sazlarynyň sazlaşykly birleşmegidir. Munuň özi medeni köpdürlüligi we saz sungatynyň halkara ruhuny ösdürmäge bolan tagallalaryň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem, ýaş ýerine ýetirijileriň ussatlygynyň we döredijilik başarnyklarynyň kämillik derejesi diňleýjilerde uly buýsanç döretdi.

Konsertiň jemini bolsa Kakajan Hudaýberdiýewiň we orkestriň ýerine ýetirilen «Swaý» atly aýdym tamamlandy. Ahyrky sahnada bolsa ähli çykyş edenler bilelikde «Alkyşnama» aýdymy bilen Täze ýyl baýramçylygynyň ruhuny has-da belent derejä göterdiler. Konsert gatnaşyjylary baýramçylyk şatlygyny diňleýjilere ýetirip, Täze ýylyň gelmegine ajaýyp saz äheňi bilen badalga berdiler.

Bu konsert, türkmen we dünýä halklarynyň aýdym-saz mirasyny ösdürmäge, täze ýaş zehinleriň kämilleşmegine we baýramçylyk ruhuny diňleýjilere ýetirmäge uly goşant boldy. Şeýle çäreler ýaşlaryň döredijilik älemine giň ýol açýar we saz sungatynyň geljegine ynam döredýär.



Hatyja AKMYRADOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň IV ýyl talyby