DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy täze ýyl baýramçylygynyň öňýanynda ýaşajyk okyjylarymyz bilen ýaňy-ýakynda «Aşgabat» söwda we dynç alyş işewürlik merkezinde «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi, çagalaryň söýgüli ýazyjysy Hemra Şirowyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Çärämiziň dowamynda ýaşajyk okyjylarymyz ussat ýazyjymyzyň gürrüň bermeginde gyzykly ertekileriň we hekaýalaryň döreýişi we ýaş nesilleri terbiýelemekde kitabyň ähmiýeti barada täsirli gürrüňleri diňlediler. Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserlerinden we häzirkizaman ýazyjy-şahyrlarymyzyň kitaplaryndan gurnalan göçme kitap sergisi çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar baý durmuş-tejribesi bolan, ýazyjy-şahyrlarymyz bilen sorag-jogap alyşmaklykda, halypa-şägirtlik ýoluny dikeldýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.