TÜRKMEN SAZYNYŇ TEORIÝASY


TÜRKMEN SAZYNYŇ TEORIÝASY

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: «Ylmy we bilimi, medeniýeti we milli sungaty ösdürmek–bu biziň syýasatymyzyň özenidir, geljekde hem aýratyn üns beriljek esasy ugurdyr»–diýip belleýär.

Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynyň uly mugallymy, dosent, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Ýelena Osipowanyň we «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň bilelikde ýazan «Türkmen sazynyň teoriýasy» I kitaby Türkmen döwlet neşirýat gullugynda çapdan çykdy. Çap edilen bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin niýetlenendir.

Okuw kitabynyň awtory Ýelena Osipowa köp ýyllaryndan bäri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň nazaryýeti» kafedrasynda zähmet çekmek bilen mugallymçylyk işini ylmy-döredijilik işleri bilen utgaşdyryp gelýär. Ol «Orta Aziýanyň we Gazagystanyň kompozitorlarynyň döredijiliginde ikinji jahan urşy» atly monografiýanyň awtory. Mundan başga-da ol halypa mugallymlaryň awtordaşlygynda çap edilen «Türkmen kompozitorlarynyň döredijiligi-II», «Saz eserleriniň derňewi», «Türkmen kompozitorlarynyň eserleriniň derňewi» ýaly okuw kitaplarynyň çap edilmegine işjeň gatnaşdy. Ýelena Osipowa türkmen sazynyň derwaýys meselelerini gozgaýan 30-a golaý ylmy makalalary hem ýazdy. Halypa mugallym häzirki wagtda «Türkmen halk sazynda kompozision modelleriniň ulgamy we olaryň kompozitorlyk döredijiliginde özgerdilmegi» atly doktorlyk dissertasiýasyny goramaga taýýarlanýar.

«Türkmen sazynyň teoriýasy» I kitabynyň awtorlarynyň ýene biri Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazyň taryhy» kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowdyr. Ol mugallymçylyk käriniň ýany bilen ylmy-döredijilik işlerini hem ýerine ýetirýär. Mugallym «Mary welaýatynyň aýdym-saz mirasy» atly kandidatlyk dissertasiýasyny hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymlarynyň awtordaşlygynda «Dünýä saz medeniýeti» birinji kitaby, Oraz Annanepesow hakynda «Köňül mukamy» atly okuw gollanmasyny ýazdy. Röwşen mugallym 20-ä golaý ylmy makalanyň hem awtorydyr.

Okuw kitaby iki bölümden ybarat bolup, onuň I bölüminde etnosazşynaslyk ylmy barada gürrüň berilýär. Şeýle hem Gündogar alymlary Al-Faraby, Ibn Sina, Aş-Şirazy, Muhammet Amuly, Abdyrahman Jamy ýaly birnäçe akyldarlaryň ylmy garaýyşlary aýratyn temalarda beýan edilýär.

Kitabyň II bölüminde bolsa Türkmenistanda XX–XXI asyrlarda aýdym-saz ylmynyň ösüşi, türkmen folklory, professional halk aýdym-saz sungatyny öwrenijiler barada maglumatlar berilýär.

Bu bölümde ýurdumyzyň döwrebap saz folklorçylygynyň kemala geliş döwri we ösüşi yzygiderli öwrenilýär, şeýle hem öwrenilýän ýagdaýyň esasy üç döwri şöhlelendirilýär.

Birinji döwri XX asyryň 20–60-njy, ikinji döwri saz folklorçylygynyň ösüşini şöhlelendirýän we esasy görnüşde professional tankydy manynyň güýçlenmegini häsiýetlendirýän XX asyryň 70–80-nji ýyllary öz içine alýar. Üçünji Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllary–türkmen halk sazynyň işjeň öwreniliş döwri we onuň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşyklydyr.

Bu okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň türkmen sazynyň taryhy we nazaryýeti hünärinden bilim alýan talyplaryň hünär dersi üçin niýetlenilendir. Mundan başga-da türkmen sazynyň nazaryýeti we taryhy bilen gyzyklanýan giň okyjylar köpçüligi bu kitapdan peýdalanyp bilerler. Şeýle okuw kitaplary, okuw gollanmalary aýdym-saz ojagynda okaýan biz ýaşlara, saz öwrenijilere we mugallymlara gymmatly çeşmedir.



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby