«HAKYDA GÖWHERI» KITABY


«HAKYDA GÖWHERI» KITABY

2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary, mugallymlary, halypa–professor mugallymlary gatnaşdylar.

«Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň müdiri Gözel Aýnazarowa, kafedranyň uly mugallymy Annanabat Hojamämmedowa, «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Myrat Aşyrow, Akustiki laboratoriýasynyň kiçi ylmy işgäri Döwlet Karaýew, «Kirişli saz gurallary» hünäriniň 3-nji ýyl talyby Seýran Atanýazow we bagşylar topary çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly dürdäne kitabynyň akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde uludan belleýän günlerimizde halkymyza sowgat berilmeginiň özi buýsandyrjydyr, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň paýhas düridir. Bu kitap Giriş we «Taryha syýahat» hem-de «Ruhy miras» atly baplardan ybarat bolup, birinji baby 5 bölüm, ikinji baby bolsa 6 bölümi öz içine alýar. Gahryman Arkadagymyz «Hakyda göwheri» kitabynda-Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Taryh şu ýerden başlanýar-taryh şu ýerde dowam edýär» diýip belleýşi ýaly, ähli beýik işler halkyň beýikligi bilen barabardyr. Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary bu kitapdan öwrenip bolýandygy, halkymyzyň taryhyň dowamynda nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, beýik şahsyýetleri hakdaky her bir maglumat kitapda jikme-jik berlen» diýip belläp geçdiler.

«Hakyda göwheri» kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy «Gahryman Serdarly Berkarar watan» (sazy: I.Gündogdyýewiňki; sözi: A.Soltanowyňky) Magtymguly Rozymämmedowyň, «Alkyşnama» (sazy: G.Baýjykowyňky; sözi: A.Gaýlyýewanyňky ) Kerim Pirnepesowyň ýerine ýetirmeginde aýdym–sazlar bilen utgaşdyryldy.

Çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!

Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň mundan beýläkde galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, ajaýyp eserleriniň höwriniň köp bolmagyny, ajaýyp döwrimizde okamaga, öwrenmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilip berilen şertleri üçin türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il–ýurt, umumy adamzat ähmiýetli beýik tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdiler.



Ogulbeg ÝEGENOWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 2-nji ýyl talyby