«PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY» ATLY SÖHBETDEŞLIK


«PARAHATÇYLYK SAZY, DOSTLUK, DOGANLYK SAZY» ATLY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýaş talyplaryň gatnaşmagynda, ýakynda Aşgabat şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň okyjylary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda beýan edilen Şükür bagşynyň ýüze çykan agyr meseläni diňe sazyň üsti bilen, parahatçylyk ýoly bilen çözendigi baradaky setirler hakynda täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen parahatçylyk, dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da berkitmegi dogrusynda alnyp barylýan belent maksatly beýik işler barada gyzykly gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.