MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI-DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ HAZYNASY


MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI-DÜNÝÄ MEDENIÝETINIŇ HAZYNASY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-dünýä medeniýetiniň hazynasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwürde Magtymguly Pyragynyň şygyrlary giňden öwrenilýär, olaryň baý many–mazmuny gazet-žurnallaryň, teleradioýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirilýär. Akyldar şahyryň XVIII asyrda aýdan nesihatlary, öwüt-ündewleri bu gün nesiller üçin hem uly durmuş mekdebidir. Beýik Pyragynyň arzuwlan Berkarar döwletini Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen bu gün bütin dünýä tanaýar. Onuň döreden eserleri her bir türkmen ojagynda mukaddes saýylyp, tükeniksiz ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. Magtymguly Pyragy özüniň dürdäne setirleri bilen köňüllerde, ýüreklerde baky orun alan şahyrdygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.