ŞANLY ÝYLDA BEÝIK ÖSÜŞLER
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasy guramagynda «Ylham» seýilgähinde Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Şanly ýylda beýik ösüşler» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ýyllaryň bir-birinden zyýada gelişi ýaly geçip barýan «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem beýik maksatlaryň döwletli işleriň durmuşa geçirilendigi, bu ýyl mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşýandygy şeýle-de bosagada duran 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, kalplary gülzarlyga öwrüp halkyň sesi, il-günüň ýürek owazy bolandygy barada täsirli çykyş etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy şeýle hem ähli türkmen halkyny ýetip gelýän 2025-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, döwletli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.