KITAP–BILIMIŇ ÇEŞMESI


KITAP–BILIMIŇ ÇEŞMESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Kitap–bilimiň çeşmesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Kitap egsilmez hazyna. Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu günüň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýyşa, durmuşa bolan gözýetimi giňeýär. Ynsanyň ruhyna täsir edýän kitaby okamaklygyň netijesinde gaýratly, edepli, Watanyny, zähmeti söýýän, däp-dessurlara uýýan, ynsanperwer, kanagatly, pespälli, tutanýerli, sagdyn, halal häsiýetli adamlar kemala gelýär. Kitap munuň özi milli ruh, geçmiş, şu gün we ertir baradaky umumadamzat pelsepesidir, ylmy açyşlaryň açarydyr.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda hem giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.