HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL BAGTDAN PAÝLY DIÝARA


HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL BAGTDAN PAÝLY DIÝARA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Hoş geldiň täze ýyl bagtdan paýly diýara» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Tamamlanyp barýan 2024-nji Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdumyzda halkyň bagtyýar ýaşaýyşyna gönükdirilen buýsançly özgertmeler bolup geçdi, unudylmajak şatlykly wakalar türkmeniň täze taryhynda aýdyň sahypalary açdy. Adamlaryň gülden näzik kalbyny oňat arzuwlara, şatlyk şowhuna besleýän Täze 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» garşylamak her birimiz üçin ýakymly. Baýramlaryň naýbaşysy bolan Täze ýyly agzybir halkymyz buýsandyryjy zähmet üstünliklerine besleýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli halkymyzy Täze ýyl bilen gyzgyn gutladylar. 2025 ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» düşümli rysgal-döwletli ýyllaryň biri bolsun! Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.