Türkmen toýunyň dünýädäki dabarasy


Türkmen toýunyň dünýädäki dabarasy



Garaşsyzlyk!
Wysal bolan arzuwym, Garaşsyzlyk!
Ak ýollaryň aýdymy.
Eziz Arkadagyň adyn alkyşlap,
Bu aýdymy joşup-joşup aýdaly!

— diýýän şahyryň şygyr setirlerindäki ýaly, ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlyk güni hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, tutuş halkymyz bilen bilelikde, giňden hem dabaraly bellenildi. Diňe milli derejede bellenildi diýseg-ä, onuň gerimini çarçuwa saldygymyz bolar megerem. Il-ulsumyz bilen birlikde, tutuş dünýä jemgyýetçiligi bu baýramyň şatlygyna goşuldy. Dünýäniň çar künjünden döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik-syýasy gatlagyň wekilleriniň... milli Liderimiziň adyna iberen gutlaglarydyr telegrammalary, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň milli baýramyna bagyşlanyp guralan dürli görnüşli çäreler, iri habarlar agentlikleri arkaly ýaýradylan habardyr maglumatlar, fotoreportažlar... munuň aýdyň delilleri. Dünýäniň goýnuna parahatçylygyň hem abadançylygyň ýollaryny çekýän, «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen ynsanperwer ideýany tutuş adamzadyň bähbidine gönükdiren, diňe bir sebitde ylalaşdyryjy merkez bolman, Ýer ýüzünde parahatçylyk dörediji döwlete öwrülen ýurduň iň naýbaşy gymmatlygynyň — Garaşsyzlyk gününiň gadyryda, ýakymy-ýalkymy, derejesi-mertebeside başgaça! Bu hakykaty gözümiziň öňünde bolup geçýän wakalar aňryýany bilen subut edýär. «Göwündeş myhman bilen bir gezek salamlaşylsada, ençe ýola hoşlaşylýany çyn» diýilýänini edip, geliň, şol ýakymly wakalaryň käbirine gaýtadan ser salalyň!

Dünýäniň iň beýik diňiniň — Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki «Burj-Halifa» binasynyň Türkmenistanyň Döwlet tugunyň şekilinde şöhle saçan pursatlaryny, megerem, «mawy ekran» arkaly köpimiz synlan bolsak gerek. Başy asman dirän 828 metr belentlikdäki desgadan türkmen Tugy parlady. Özem bassyr ikinji gezek! Ýadymyzda bolsa, dünýäniň iň beýik binasy geçen ýylyň 27-nji sentýabrynda-da türkmen baýdagynyň keşb ibilen ýalkym saçypdy. Şeýdip, dostlukly ýurtda Türkmenistanyň baş baýramyny — Garaşsyzlyk gününi gutladylar. Birek-birege sylag-hormatyň, belent sarpanyň müňden bir nyşanlaryndan dälmidir şu, eýsem?! Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurt döwlet Baştutanlarynyň arasynda ilkinji bolup «Burj-Halifa» binasyna baryp görendigini ýatlamak ýakymlydyr. Milli Liderimiz bu täsin desga bilen 2010-njy ýylyň fewralynda Dubaýa bolan resmi saparynyň çäklerinde tanşypdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tbilisiniň telewizion diňi, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň 342 metr beýiklikdäki binasy hem türkmen Tugunyň nyşanynda bezeldi. Belent başly binalarda şekillendirilen ýaşyl Baýdagymyz Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň nyşany bolup, halkymyzyň ýüreginiň ýylysyny Äleme ýaýdy. Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostana gatnaşyklaryň nyşany hökmünde al-ýaşyl reňkde şöhle saçan binalar Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişlikdäki abraý-mertebesiniň näderejede belentdedigini nobatdaky gezek äşgär etdi.

Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky ilçihanasynyň Belarusuň Prezident kitaphanasy bilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Minsk şäherindäki ştab-kwartirasynda bilelikde guran sergiside ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlandy. Türkmenistanyň şöhratly taryhyndan, milli medeniýetimiziň özboluşly gymmatlyklaryndan hem-de ýurdumyzyň häzirki ösüş-özgerişlerinden söz açýan kitaplardyr suratly gollanmalar, fotosuratlardyr häzirki zaman türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kyssa we şygyr eserlerinden ybarat bolan kitaplar sergä gelip görenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerini beýan edýän wideoşekiller bolsa, tomaşaçylara Türkmenistana gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berdi. ...Hormatly Prezidentimiziň amal edýän beýik işleri, öňe sürýän teklipdir başlangyçlary bilen dünýä ykbalyna dahylly bolan ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygynyň şan-şöhrata beslenen ýakymly wakalary her bir türkmenistanlynyň kalbyny egsilmez buýsanja besläp, ýürek töründen orun aldy. Şanyň-şöhratyň, mertebeli menzilleriň dowamat-dowam bolsun, jan Watanymyz Türkmenistan! Aýgül RAHYMOWA