MAGTYMGULY PYRAGY HEM-DE MEDENI WE EDEBI MIRAS
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Magtymguly Pyragy hem-de medeni we edebi miras» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi./b>
Çärede çykyş edenler Gündogaryň beýik akyldary, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa baý şygyrlarynda adamyň at-abraýynyň ata Watanyň, il-gününiň öňünde bitirýän hyzmatyna goýýan gadyr-gymmatyna baglydygyny ussatlyk bilen beýan etmegi başarandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň tutuş adamzat bähbitli ýörelgesi diňe bir ýaşan döwründe ähmiýetli bolmak bilen çäklenmän eýsem, ähli eýýamlar üçinem gymmatly hazyna hasaplanýandygy, şahyryň umman deýin giň, köptaraply döredijiliginde adamlarda oňat gylyk-häsiýetleri terbiýelemekde öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlarynyň uly orun tutýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda Gündogaryň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň abraý-mertebesini belende göterýän, söze hem-de sungata çäksiz sarpa goýýan, medeni we edebi mirasymyzy wagyz etmekde uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.