MEŞHUR BAGŞYNYŇ USSATLYK MEKDEBI


MEŞHUR BAGŞYNYŇ USSATLYK MEKDEBI

(Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygy)

Aýdym-saz sungaty halkyň ruhy hazynasynyň gymmatly mirasydyr. Bu miras bagşyçylyk sungatynda kämillige ýeten ençeme bagşylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen baýlaşyp, asyrlaryň dowamynda kämilleşip we halypadan şägirde geçip biziň günlerimize gelip ýetdi.

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan bagşyçylyk sungaty milli aýdym-saz sungatymyzyň özboluşly ugry bolup, bu sungatyň taryhynda öçmejek yz goýan bagşy-sazandalaryň sany sanardan kändir. Aýdym-saz sungatynda ahal ýoly–türkmen dutar mukamlarynyň dörän meşhur merkezi diýlip hasap edilýär. Bu ýoluň ussat bagşylarynyň biri hem Sahy bagşy, Sahy Jepbarowdyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman we alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň milli sungatynyň ösüşinde Sahy Jepbarowyň Ahal bagşyçylyk mekdebiniň uly ähmiýeti bardyr. Ol ilkinjileriň biri bolup, biziň halk aýdymlarymyzyň düzümine täzelikleri girizip ugrapdyr we ony ozal diňe saz hasap edilen heňleriň aýdym nusgalary bilen baýlaşdyrypdyr» diýip jaýdar belleýşi ýaly, Sahy Jepbarow türkmen milli bagşyçylyk sungatynyň ösmeginde we kämilleşmeginde möhüm orun eýelän bagşydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen milli aýdym-saz sungatynyň taryhyny özüniň gaýtalanmajak ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen baýlaşdyran halypalaryň ussatlyk mekdebini öwrenmäge we halk arasynda giňden wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredildi.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň we Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde guramagynda Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebinde Türkmenistanyň halk artisti Sahy Jepbarowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly maslahat we aýdym-sazly dabara geçirildi. Ussat halypanyň ömri-döredijiligini öwrenmäge bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň il ýaşulysy, Türkmenistanyň halk suratkeşi, Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-niň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep internatynyň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti, sazşynas Amanöwez Saparow, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professory, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Nurymow, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň halk saz gurallary bölüminiň bölüm müdiri Allaýar Melejäýew, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy Sahyberdi Jepbarow, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň Türkmen milli saz gurallary bölüminiň müdiri Muhammetmyrat Pürmämmedow dagylar çykyş edip, bagşynyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekdäki hyzmaty, döredijilik we guramaçylyk ýoly barada gyzykly çykyşlar etdiler. Maslahatyň çäginde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Öwezgeldi Amanowyň, Täçmyrat Kowusowyň, Bagtyýar Täçdurdyýewiň, Seýitnazar Mämmedowyň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Bäşim Ýolamanowyň, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen Döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy Amanlyk Amanlykowyň, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň Bagşyçylyk sungaty bölüminiň mugallymy Söhbet Balkanowyň, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň halk saz gurallary orkestriniň sazandarlyk etmeginde şol mekdebiň mugallymy Döwlet Daňatarowyň hem-de talyp Perhat Esenowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar halypa hatyrasyny has hem belende galdyrdy.

Türkmeniň aýdym-saz sungaty dost-doganlygyň we parahatçylygyň sungatydyr. Ol halypalaryň nesillere galdyran baý mirasyny özünde jemleýän ussatlyk mekdebidir. Şol mekdebiň gözbaşynda duran Sahy Jepbarow ýaly bagşysy bolan halk bagtly halkdyr.



Ogultäç HOJANAZAROWA



Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary