TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SAUD ÖSÜŞ GAZNASYNYŇ BAŞ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORYNY KABUL ETDI
7-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Saud ösüş gaznasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Sultan Abdul rahman Al-Marşady kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Saud Arabystanynyň Türkmenistan bilen dürli ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz myhmany mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana ilkinji saparynyň ýurtlarymyzyň maliýe we ykdysady ulgamdaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da işjeňleşdirmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdi. Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan dünýä ýurtlary we abraýly halkara maliýe guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Saud ösüş gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.
«Türkmenistan» gazeti