ZENAN GÖZELLIGI
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Arkadag» teleýaýlymynyň gurnamagynda «Zenan gözelligi» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmen zenanynyň abraýy, mertebesi, hormat-sylagy uly, oňa halk tarapyndan, döwlet tarapyndan goýulýan sarpa belentdir. Biziň türkmen halkymyzyň milliligi, ruhy-ahlak gymmatlyklary nusgalykdyr. Dünýäde gözelligi, nepisligi bilen köpleri haýrana goýýan türkmen halylary gelin-gyzlarymyzyň umumyadamzat medeniýetine goşan uly goşandydyr. Gelin-gyzlarymyzyň döreden milli mirasymyzyň altyn hazynasyna giren hüwdüleridir monjugatdylary, läleleridir gazallary döwrümiziň belent mukamy bolup ýaňlanýar. Halkymyzyň medeni hem edebi mirasyny öwrenmekde, halka ýetirmekde, ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde zenanlarymyzyň–mährem enelerimiziň mynasyp paýy bardyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.