GÜN-GÜNDEN ÖZGERÝÄR OBA-ŞÄHERLER


GÜN-GÜNDEN ÖZGERÝÄR OBA-ŞÄHERLER

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan «Gün-günden özgerýär oba-şäherler» atly hemişelik kitap sergisi gurnaldy.

Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri, mundan başga-da oba hojalygyna degişli edebiýatlar, okuw gollanmalary ýerleşdirildi. Bu kitap sergisinde ýerleşdirilen edebiýatlary görmäge gelen okyjylar, özlerine gerekli maglumatlaryny almaga giň mümkinçilikler hem döredilen. Şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsunymyzy aýdýarys.