DAÝHAN ZÄHMETI BILEN TANALÝAR
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi tarapyndan «Daýhan zähmeti bilen tanalýar» ady bilen wagtlaýyn kitap sergisi gurnaldy.
Bu kitap sergisine Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri, şeýle-de oba hojalygy bilen baglanyşykly edebiýatlar hem-de gündelik neşir edilýän gazet-žurnal makalalary hem ýerleşdirildi. Kitap sergisini görmäge gelenler özlerini gyzyklandyrýan edebiýatlaryny görüp bilýärler. Daýhanlaryň arman-ýadaman zähmet çekmekleri barada gyzykly maglumatlary tapyp bilerler. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglyk, döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.