HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY


HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY»

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärede çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň 2025-nji ýylyň-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda täze kitabyň çapdan çykmagy bütin halkymyz üçin gymmatly sowgat bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň ömrüni, edebi mirasyny öwrenmäge goşant goşan zehinli alymlaryň, professorlaryň, edebiýatçylaryň, daşary ýurtly bilermenleriň atlarynyň agzalyp, olaryň bitiren işlerine baha berilmegi aýratyn bellärliklidigi barada belläp geçdiler. Bu bolsa şahyryň döredijiligi Jemşidiň jamyna deňelýän Magtymguly Pyragy milletimiziň buýsanjyna, onuň umman ýaly giň döredijiligi halkymyzyň ruhy baýlygy bolup, bütin adamzadyň gymmatly hazynasyna öwrülip ähli türkmen halkyny agzybirlige, jebislige, ynsanperwerlige çagyrýandygyny beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň şeýle eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň has-da ýiti bolmagyny arzuw edip, baky bagtyýarlygyň gujagynda ak ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.