PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR


PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi häzirki wagtda «Merkezi Aziýa parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zology» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy ilerlediji ýurt hökmündäki abraýyny has-da artdyryp, biziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzyň barha dabaralandyrylýandygy barada söhbet etdiler. Şeýle-de uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň soňky günlerinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly täze kitabyny sowgat etmegi ähli türkmen halkynyň çäksiz buýsanja beslenendigi barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Eziz Diýarymyzyň ähli babatda gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, dünýäde parahatçylygyň we abadançylygyň höküm sürmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.