TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
13-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny hasda pugtalandyrmak barada berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam edýär. Gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamagyň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ekiş möwsüminde pagtaçy daýhanlary ýokary hilli gowaça tohumlary bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary, gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
«Türkmenistan» gazeti