2025-nji ÝYLYŇ «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ŞYGARYNYŇ ŞANYNA DABARA


2025-nji ÝYLYŇ «HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ŞYGARYNYŇ ŞANYNA DABARA

13-nji ýanwarda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli «Arkadagly Serdaryň dünýä uzan ak ýoly-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ylym, döredijilik intelligensiýasynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny, berkarar türkmen döwletiniň abadan durmuşyny şöhlelendirýän hem-de halkymyzyň taryhyndan söz açýan amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Dabaraly maslahatyň başynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyna döredilen aýdym ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde Garaşsyz Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk, dost-doganlyk ýörelgeleri, ählumumy abadançylygyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary şahyrana beýan edilýär.

«Türkmenistan» gazeti