HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNY TALYP ÝAŞLARYŇ ARASYNDA WAGYZ ETMEK


HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY TÄZE ÝAZAN KITABYNY TALYP ÝAŞLARYŇ ARASYNDA WAGYZ ETMEK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň giň okyjylar köpçüligine gelip gowuşmagy mynasybetli aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, bölümleriniň aýratynlygy barada tasirli gürrüňler edildi. Mundan başga-da talyplar dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna düzülen birnäçe aýdymlary aýdyp berdiler. «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýen şygar bilen atlandyrylan ýylymyzda uly dabaralara beslenjek hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçiriljek medeni-köpçülik çäreleri barada buýsançly gürrüňler edildi.

Aýdym-sazly söhbetdeşligiň ahyrynda gyzyldan gymmatly eserleri döredip, halkymyza sowgat edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.