PARAHATLYK AÝDYMY-DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR


PARAHATLYK AÝDYMY-DÜNÝÄ ÝAŇ SALÝAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Parahatlyk aýdymy-dünýä ýaň salýar» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda, türkmen medeniýetini, sungatyny äleme ýaýmakda nusgalyk işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitaby türkmen halkynyň pelsepewi dünýäsini açýandygy, ata-babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň çelgisi bolan parahatçylyk, dost-doganlyk ýaly beýik ýörelgeleri bu günki gün bagtyýarlyk döwrümiziň binýady bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar halkyny asuda durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.