PARAHATÇYLYK ÝOLY-GELJEGIŇ YNAMLY ÝOLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda «Parahatçylyk ýoly–geljegiň ynamly ýoly» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler beýik ösüşli Watanymyzda 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň uly manysynyň bardygy, ata-babalarymyzyň parahatçylygyň bar ýerinde ösüşiň bolýandygyny nygtap, durmuşynda hem şol ýol-ýörelgelerden ugur alandyklary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Aslyna dolanan türkmen halky ýer ýüzünde diňe bir özüniň ykdysady ösüşleri bilen däl, eýsem, parahatçylygy söýüji halk hökmünde hem tanalýandygyny buýsanç bilen beýan etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny asuda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.