TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-niň BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-niň BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

14-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, birek-biregi Täze ýyl bilen gutladylar hem-de iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Gahryman Arkadagymyz telefon arkaly söhbetdeşlik üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary bilen geçen ýylyň tomsunda Aşgabatda geçiren duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny, bu duşuşygyň örän peýdaly we netijeli bolandygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny, uly hormat goýýandygy baradaky sözlerini ýetirdi.

Antoniu Guterriş hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de BMG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýändigini belledi. Şeýle-de ol Türkmenistanyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga, durnukly ösüşe gönükdirilen syýasatyna, bu ugurdaky başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

«Türkmenistan» gazeti