PARAHATÇYLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR


PARAHATÇYLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Aşgabat şäher Mehaniki tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýilip yglan edilmegi, Bitarap Türkmenistan içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi tarapyndan umumy ykrar edilen döwletdigi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň parahatçylyk, dost-doganlyk ýörelgeleri esasynda alyp barýan syýasatlaryny dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp bolýandygy barada giňişleýin gürrüň beriler.

Çäräniň ahyrynda ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek babatda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.