HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY


HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk medeniýet köşgüniň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda rowaçlygyň ak ýoluna düşen täze 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň ýeňişleriň belent sepgitlerine tarap agzybirlik bilen ynamly öňe barýandygynyň özboluşly beýanyna öwrülendigini we türkmen halkynyň buýsanjy we guwanjy bolan döwlet baştutanymyza alkyş sözleri aýdylyp, diýarymyzyň ösüşleri, ýaş nesillerimiziň geljegi üçin edilýän taýsyz tagallalary barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan kitaplary esasynda täsirli çykyşlar edildi.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.