TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI SYÝASATY-ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMÄGE GOŞANT


TÜRKMENISTANYŇ PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIKLI SYÝASATY-ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGY WE DURNUKLY ÖSÜŞI ÜPJÜN ETMÄGE GOŞANT

15-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň halkara jemgyýetçilik bilen hyzmatdaşlygy» atly maslahat geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam ýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyň giňden ykrar edilýändigini, şu jähetden, 2025-nji ýylyň dünýä derejesindäki hem-de Türkmenistanyň milli şygarynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň aýratyn ähmiýete eýedigini bellediler.

«Türkmenistan» gazeti