SÖZ MÜLKINIŇ SOLTANY MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýaş talyplarynyň gatnaşmagynda, ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebiniň okuwçylary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary we ol şygyrlaryň many-mazmunyny ýaşlara giňişleýin ýetirmek maksady bilen «Söz mülkiniň soltany Magtymguly Pyragy» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylar Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryny uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de ol şygyrlaryň ýaşlary milli hem-de watançylyk ruhunda terbiýlemekde, olarda oňat gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde eýeleýän orny barada aýratyn nygtadylar. Pyragynyň şygyrlar çemenini özünde jemleýän kitaplar esasynda gurnalan göçme kitap sergisi hem aýratyn täsir galdyrdy.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömri we döredijiligini ýaş nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, halkymyzy Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.