KÖPETDAGYŇ ETEGINDE BUÝSANÇ BILEN BAKYP DUR TÜRKMEN RUHUNYŇ TÄJI, MAGTYMGULY PYRAGY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde, «Köpetdagyň eteginde buýsanç bilen bakyp dur türkmen ruhunyň täji, Magtymguly Pyragy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz, gadymy hem şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby akyldar şahyryň döredijilik dünýäsine düşünmäge aýdyň ýoldur,dury çeşmedir diýip, giňişleýin nygtadylar.
Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.