HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY


HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitaby hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmagy bütin türkmen halkymyzy, şeýle hem biz kitaphana hünärmenlerini has-da buýsandyrdy. Parahatçylyk we ynanyşmak–bu türkmen Bitaraplygynyň ösüşiniň dowamydyr, onuňam baş ýörelgesi parahatçylyk, asudalyk, özara ynam.

Parahatçylygy saklamak, asuda ýaşamak üçin özara ynanyşmak gerek. Ýyllar aýlanyp, täzelenip dursa-da, döwlet syýasatymyzyň baş ýörelgesi–bütin dünýäde pugta parahatçylygy üpjün etmek meselesi mizemezligine galýar. Häzirki döwürde Türkmenistan parahatçylygy döredýän merkez hökmünde tanalýar. Diýmek, halkymyzyň parahatçylyk ýörelgesi milli gymmatlyk hökmünde dünýäde kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyny halkymyza peşgeş berdi. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, akyldar şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan edebi mirasyny, gadymdan gelýän dilimiziň gymmatly baýlygyny çuňňur öwrenmekde nusgawy kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Çünki akyldar şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli ýörelgeleri wagyz etmekde gymmatly çeşmedir, diýip çykyş edenler bellediler.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, parahatsöýüjilik, agzybirlik we arkalaşyk, birek-birege ynam-hormat ýaly ýörelgeleri dünýä derejesinde dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.