TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MEDENIÝET MERKEZINIŇ DÖWLET KITAPHANASYNDA «2025-NJI ÝYL HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY» ATLY KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI
Kitaphana synynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda özara düşünişmegi, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin täze mümkinçilikler açýar. Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine daýanyp, ýer ýüzüniň döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen dünýäde parahatçylygyň ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine dostlukly, birek-birege ynanyşmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda toplan gymmatly syýasy tejribesi sebitde we dünýäde durnuklylygy saklamaga netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.
Parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýär diýip, belläp geçdiler.
Çykyş edenler kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.