KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler «Magtymguly» atly eserler ýygyndysynyň I we II tomy bilen tanyşdyryldy. Bu kitapda dünýäniň golýazmalar hazynalarynda saklanýan, şahyryň 60-a golaý diwanlarynda we 300-den gowrak beýanlarda duş gelýän, şeýle hem dürli wagtlarda dürli adamlardan ýazylyp alynan goşgularynyň 700-e golaýy girizilendigi barada beýan edilýändigini belläp geçdiler. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ynsan ruhuny belende göterýän goşgularyny okanyňda Beýik söz ussadyna goýulýan hormat-sarpanyň belentdigine ýene bir gezek göz ýetirýäris.
Şeýle-de ýaňy-ýakynda neşir edilen Gurbanjemal Ylýasowanyň «Akademik Baýmuhammet Garryýew–görnükli folklorşynas» atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Bu kitapda akademik Baýmuhammet Garryýewiň ömri ýoly, ylmy-döredijiligi, eposdyr dessanlary öwrenmekde we dünýä ýaýmakda alymyň bitiren hyzmatlary dogrusynda durlup geçilýär diýip, kitaphana synynda çykyş edenler belläp geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar, abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.