MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ DÖREDIJILIGI-DÖWÜRLERIŇ PAÝHASY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Magtymguly Pyragynyň döredijiligi-döwürleriň paýhasy» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzda Gündogaryň beýik şahyry hem akyldary Magtymguly Pyragynyň sarpasy belentde tutulýar. Munuň şeýledigini Paýtagtymyzyň Günortasynda, Köpetdagyň eteginde akydar şahyryň zemindäki iň belent heýkeliniň bina edilmeginden hem görmek bolýar. «Magtymguly Pyragy medeni» seýilgäh toplumynda dünýäniň ruhy hazynasyna goşant goşan görnükli ýazyjy şahyrlaryň, meşhur şahsyýetleriň heýkelleriniň oturdylmagy ýurdymyzda agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň gülläp ösýändiginiň aýdyň alamaty bolup durýar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň ömri döredijiligini şeýle hem many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.