«REŇKLERIŇ SIMFONIÝASY» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI


«REŇKLERIŇ SIMFONIÝASY» ATLY DÖREDIJILIK SERGISI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» diýip atlandyrylan ýylynyň ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzyň her bir güni toýdyr baýramlara beslenýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda türkmen sungaty, medeniýeti, taryhy ösüşiň täze basgançaklaryna göterildi. Türkmen halkynyň ruhy taýdan galkynan zamanasynda şekillendiriş sungaty beýleki sungatlar bilen bilelikde yzygiderli ösýär. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen häzir sungatyň islendik ugrunda her bir adama özüniň ýiti zehinini, ukyp-başarnygyny görkezmäge giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle hem halkymyzyň ruhy dünýäsine lezzet berýän nakgaşlyk sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa suratkeşlerimiziň, sungatda öz öçmejek yzlaryny goýan nakgaşlaryň ýoluny mynasyp derejede dowam etdirýän ýaşlarymyzyň barha artmagy şekillendiriş sungatymyzyň rowaçlanmagyna uly itergi berýär.

Ýurdumyzda Garaşsyzlygymyzyň alynmagy netijesinde ýaş suratkeşler halkyň durmuşynda we aňýetinde watançylyk duýgularyny oýarmaklyk bilen modernizm, sýurrealizm, abstraksionizm akymlarynyň äheňlerine batyrgaý ýüzlenip, has erkin işläp başlaýarlar. Şol döwürlerde bilimli-ylymly ýaşlary kemala getirmek we olaryň dünýä belli şahsyýetler bolup ýetişmekleri öňe sürülýän esasy maksatlaryň biridir.

Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan sungatymyzyň ussat suratkeşlerinden başlap, biziň şu günlerimize çenli köp ýyllaryň dowamynda bu ugurda zähmet çekip, özüniň döredijiligi bilen giňden tanalýan suratkeşleriniň yzygiderli hatary ýüze çykardy. Öz döwüriniň ussat suratkeşleri hökmünde tanalýan Gahryman we Gunça Goçmyradowlar özüniň döredijiliginde, ýurdumyzyň, parahat tebigatymyzyň owadan keşbini öz sungat eserleriniň üsti bilen müdimileşdirmegi başaran ussat suratkeşlerdir. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlary Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň kalbynyň päkligi bilen ýerine ýetiren eserlerini göreniňde ruhuň joşýar.

Döredilen eserlere daşdan seretmek bilen döredijilik dünýäsiniň içine girip, inçe syrlaryny öwrenip, sungatyň dilini bilip bir eseri synlamak has başga bir duýgy berýär. Şeýle bolsada Gahryman mugallymyň eserleri sungat dilini bilýän adamlarda hem uly täsir galdyrmagy başarýar. Halypa mugallymlar Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň sazlaşykly, giň manyly filosofik eserleri görenleri haýrana goýýar. 2025-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginde Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaş ýubileýi mynasybetli «Reňkleriň simfoniýasy» atly döredijilik sergisi açylyp, onda Gahryman we Gunça Goçmyradowlaryň nakgaş eserleri halk köpçüligine ýetirildi. Sergide 200-den gowrak işler görkezilip, olarda ýurdumyzyň parahatçylygyny, dost-doganlygymyzyň nyşanlarynyň, ýurdumyzyň asudalygyny wasp edýän işleri sergilendi. Bu bolsa ýaşlarda watançylyk duýgularyny oýarmaklyga ýardam berýär. Göreniňde ruhuňy göterýän bu ajaýyp sergi fewral aýynyň 1-ne çenli halk köpçüligine hödürlenýär.



Aýjan KADYROWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň müdiri