KITAP SERGISI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine Täze gelip gowşan edebiýatlaryň kitap sergisi gurnaldy.
Döwlet kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan daşary ýurt dillerindäki täze gelip gowşan kitaplar hem-de Türksoý žurnalynyň täze sany ýerleşdirilen sergi gurnaldy. Sergide ýerleşdirilen kitaplarda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň baý many-mazmunly şygyrlary bilen türkmen we dünýä edebiýatynyň ösmegine goşan uly goşandy bu günki gün giňden ykrar edilýär. Dana Pyragynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň altyn hazynasynda orun alan eserleri köp dillerde terjime edilip, türkmen şygryýetiniň abraýyny belende göterýär. Şol terjimeler okyjylar üçin türkmen halkynyň beýik oglunyň şygyrlarynyň many-mazmunyna, filosofik garaýyşlaryna düşünmegiň açary bolup hyzmat edýär. Bu kitap sergisi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.