KITAPHANA SYNY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine Täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň italýan dilindäki goşgular ýygyndysy ýerleşdirilen «Magtymguly Pyragy. Liriche» atly kitaplary bilen hem-de Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň hytaý dilindäki kitaby bilen we Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasyna gatnaşyjylarynyň adyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan sowgat berlen Magtymguly Pyragynyň türk dilinde neşir edilen kitaplary hem-de Türksoy žurnalynyň täze sany bilen tanyşdyrdylar.
Çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda hem mynasyp orun eýeleýändigini beýan edýän täze kitaplar geçen şanly ýylyň ajaýyp waspnamasydyr diýip, giňişleýin gürrüň etdiler.
Kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.