SURATKEŞ GAHRYMAN GOÇMYRADOWYŇ ŞAHSY DÖREDIJILIK SERGISI AÇYLDY
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 15-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş Gahryman Goçmyradowyň 40 ýaşynyň dolmagy mynasybetli şahsy döredijilik sergisi açyldy.
Sergide, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, Gahryman Goçmyradowyň eserlerinden «Ol könüldir derwezesiz galadyr», «Bizden salam bolsun jogap şeýledir», «Harmandäli» (Görogly eposyndan) «Natyurmort», «Obada toý», «Garrygala daglary», «Adam we tebigat», «Gadymy Merw», «HojaÝuns Hemedany», «Küýzeler», «Ynama giren kempir», «Bagyr obasynda güýz», «Manyşda güýz», «Şapak», «Köpetdag», «Sekiz ýap», «Gurtly köl», «Gadymy gala bölekleri», «Zamçalar», «Dokmäde däneler», «Teşnelik», «Şahyr», Gowşutgeldi Daňatarowyň «Kabyl-Habyl» eserinden, «Spartak» Haçaturýanyň sazyna taslama ýaly eserleri bolup, suratkeşiň 193-den gowrak nakgaş sungat eserleri görkezildi. Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, oba durmuşy, peýzaž, owadan gözel tebigatymyz bilen baglanşykly däp-dessurlarymyz, gözelligi bilen tapawutlanýar.
Sergi öz işini 10 gün dowam eder.

