ÝAŞLAR BILEN DOWAMATDYR BU ÝOLLAR
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda gözel paýtagtymyzda ýerleşýän «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde ýaş nesilleriň arasynda «Ýaşlar bilen dowamatdyr bu ýollar» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabyndan ýaşlara berilýän gymmatly öwüt-ündewler barada kitaphanamyzyň hünärmenleri täsirli gürrüňler berdi. Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekde ähmiýeti barada hem gyzykly söhbetler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzy bilimleriň mekanyna öwrüp, okamaklyga, öwrenmeklige döredýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.