BILIMLI ÝAŞLAR-DÖWREBAP ÖSÜŞ


BILIMLI ÝAŞLAR-DÖWREBAP ÖSÜŞ

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen Döwlet Binagärlik-Gurluşyk institutynyň talyplary, mugallymlary we «Ýaşlyk» teleýaýlymy bilen bilelikde «Bilimli ýaşlar-döwrebap ösüş» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden ugur alyp döwrebap bilimler we ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesiller-mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary-ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak ynsanlar diýip, uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.