KITAPHANA GEZELENÇ
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň gelmeginde gezelenç geçirildi.
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna gezelenje geldiler. Gezelenje gelen talyplar kitaphanada guralan sergileri synladylar. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanamyzyň obserwatoriýa otagynda talyp ýaşlar Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gurduryp ulanmaga beren sanly tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan bolan teleskop enjamynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalandylar. Şeýle hem talyp ýaşlar älem giňişligine gözegçilik etmegiň esasy usullary Astrofiziki gurallar barada, gün sistemasy we ýyldyzlar we planetalar barada gyzykly maglumatlary peýdalandylar.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.