MILLILIGIM DÜNÝÄ NUSGA
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Milliligim dünýä nusga» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Naýbaşy gymmatlyklary döreden halkymyzyň töründe mäkäm orun alan sallançak, türkmeniň dowamat dowamy bolan çagalara niýetlenip taýýarlanylýar. Millilige ýugrulan türkmen sallançaklary öz dürli bezeg öwüşgini bilen göreni haýrana goýýar we ol hemişe her bir türkmen öýüniň törüniň ýaraşygydyr. Halkymyzyň çagalaryň edep-ekramly, berk bedenli bolmagy üçin hemişe alada edendigini hüwdüleriň üsti bilen hem doly subut edip bolýar. Nesillerimiziň aňyna milli ýörelgelerimiz baradaky düşünjeleri guýmaga uly goldaw berýän hüwdi bentleriniň her bir setiri terbiýeçilik ähmiýetlidir. Olar dogduk Diýaryňy-Watanyňy söýmegiň, döredijilikli zähmet çekmegiň nusgasy bolup, ýyllaryň dowamynda kämilleşip biziň günlerimize gelip ýetdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda mirasymyza sarpa goýmak, ata–babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli-mirasymyzy dikeltmekde, olary ýaş nesillerimize ýetirmekde uly aladalar edýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.