TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI-DERTLERIŇ MELHEMI


TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI-DERTLERIŇ MELHEMI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri‒dertleriň melhemi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna öwrülendigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda bellediler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.