HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiziň toýdur-baýramlara beslenýändigini şeýle-de eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan döwletli tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy, ähli watandaşlarymyz üçin guwançly wakalaryň biri bolandygyny bellediler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly iň gymmatly düşünjeler bolup, ol häzirki wagtda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygyň hem-de ösüşiň baş ýörelgesine öwrülýändigini uly buýsanç bilen bellediler.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzyň parahatlygy, asudalygy halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.