EL HÜNÄRI–NESILLERE MILLI TERBIÝE MEKDEBI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri ýakynda türkmen keşdeçilik sungaty barada «El hünäri–nesillere milli terbiýe mekdebi» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine goşant goşan milli keşdeçilik sungaty barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de iňňe, ýüwse, oýmak ýaly keşdeçiniň gerekli bolan gurallary, ýüpek sapaklary işmegiň we syntgylamagyň usullary, çep we sag halkalaryň gezekli-gezegine hünärli elleriň kömegi bilen keşde sungatyny emele getirişi barada gyzykly gürrüňler edildi. Gadymy milli mirasymyz bolan keşde nagyşlarymyzyň «Tyllagoçak», «Günebakar», «Şänik», «Çemçegöl», «Kebelek», «Çynar», «Ýürekkeşde», «Gowaçagül», «Goçak», «Tegbent», «Gülýaýdy» ýaly görnüşleriniň zenanlaryň köýnekleriniň ýakalaryna, kürtelere, çyrpylara, oglan we gyz tahýalara, erkek adamlaryň köýnekleriniň ýakalaryna şeýle hem çaga kürtekçelerine salynyşynyň aýratynlyklary barada hünärmenimiziň gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda eneden gyza geçip häzirki günlerimize gelip ýeten milli el işlerimizi nesillerimize giňişleýin wagyz etmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.