WATANY JANDAN SÖÝEN BEÝIK PEDERLERIMIZIŇ NESILLERI BIZ!
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn asyr»: Türkmenistan teleýaýlymy bilen bilelikde «Watany jandan söýen Beýik pederlerimiziň nesilleri biz!» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar watanyň daýanjy» atly gymmatly kitaby, biziň üçin, biziň şu günki ýaş nesillerimiz, watan goragçylarymyz üçin uly durmuş sowgadydyr. Eziz watanmyzyň goragynda berk durýan merdana esgerler olaryň watany goramakda, dürli tehnikalara erk etmeklikde, öz serkerdeleriniň berýän tabşyryklaryny başarjaň berjaý edişleri hakynda şeýle hem beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerini, olaryň watansöýüjiligini,gaýratlydygyny sapak edinýän Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlar bolup durýar diýip çykyş etdiler.
Çykyş edenler bular hakynda aýtmak bilen sözleriniň soňunda Milli medeniýetimizi we sungatymyzy, edebiýatymyzy has-da ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.