EDEBIÝATLARA SYN


EDEBIÝATLARA SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Oba hojalyk edebiýatlary bölümi täze gelen edebiýatlara syn geçirdi. Bu synda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» kitaby hem-de «Türkmen alabaýy» žurnalynyň soňky çapdan çykan sany barada gürrüň berildi. Mälim bolşy ýaly, «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigi, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanýandygy, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlandy. Hormatly Prezidentimiziň akyldar şahyrymyz barada ýazan kitaby hem ýylymyzyň jemleýji döwrüne gabat geldi. Goý, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazýan eserleriniň yzy gür bolsun!

Mundan başga-da, «Türkmen alabaýy» atly žurnalyň soňky sany barada hem gürrüň geçirilip, bu ýerde türkmen alabaýlarynyň edermenligi, olaryň saklanylyşy hem-de adam saglygyna peýdasy barada hem gürrüň edildi.

Şeýle mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lidiri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz hoşallygymyzy aýdýarys.