ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞLERI ÜSTÜNLIKLERE RUHLANDYRÝAR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Ýurdumyzyň ösüşleri üstünliklere ruhlandyrýar» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler asuda, abadan döwletimiziň beýik ösüşleri, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz has-da ösüşlere beslenip, halkara derejesinde belent abraýa eýe bolýandygy, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda türkmen halkynyň hoşniýetlilik ýörelgeleriniň has-da dabaralanmagyna giň ýol açylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ynsanperwerlige, hoşniýetli goňşuçylyga, parahatçylyk söýüjilige, myhmansöýerlige ýugrulan asylly ýörelgeler, häzirki döwürde has-da ösdürilýändigi we dünýä ýaýylýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkynyň arzuw-umytlaryny myrat edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.